Ösmedik adam
Özi ulalmadyk, ösmedik adam,
iki ýüzli gylyç bolup özüne,
kesmeli ýerinde, kesmeli ýerin,
sowukganly durup, kesmedik adam,
il ýüzüne gowy bolan, ýylgyran,
bile-göre kast edýäni, urýany
arkasyndan, ýa-da gelip gönümel,
tanamadyk bolýan, görmedik bolýan,
hatda gorkýan aglamaga ses edip,
gözýaşyny görkezmäge utanýan,
iki eli bilen bogýan özüni,
göreldesi il-ulusyň, dymmaly,
garaşmaly, goý, il açsyn gözüni,
gara işi etsin diýýän başgalar,
bir, iki däl, ýüzlerçe müň, sany ýok,
diri mazar, özün bogýan, öldürýän,
maşgalasyn, ýakynlaryn agladyp,
duşmanyny, bahyllary güldürýän,
ýatan suwdur, porsusyna guwanyp,
bezegi däl, kemi şäher, obanyň...