Ýüz müňlerçe adam

Ýüz müňlerçe adam uzakdan synlap,
garaşar sen ýykylýançaň göreşde,
ertir ýalňyşlaryň görkezmek üçin,
ýa gynanan bolmak üçin çagaňa,
eneňe, ataňa, kösenen yzda,
gülmek üçin gep ýassygy edinip,
dost-ýar bilen duşuşanda, içende,
köpüsini bilmeseň-de atma-at,
tanaýarsyň onlarçasyn, gürleşip,
pikir alşyp ýolda, sowlup geçende...

Olar seniň pikirdeşiň gürlese,
düşünýärler diýýän ähli zadyňa,
ýanýar bary il-ulusyň derdine,
ýöne bary diýer: "Näme edeýin,
ýeke başym, birje sesim bar diňe,
beýlekiler köplük, bilýärsiň ahyr,
nädip geçýär saýlaw, seçgi, il diýlen,
hakykatda il däl, içi garalar..."
Ýüz müňlerçe adam özün uzakdan,
daş, demirsiz urup, ýaralar, alar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024