Betbagtçylyk

bahyllyk, nesihat, söze düşünmek pespällik

Saňa gülen bolar olar,
gaharlanan bolar käsi,
halas etjek ýaly gülki,
namart etse ili asy,
birleşmezler seniň üçin,
gürleşmezler seniň üçin,
demligiňden alynanda,
gözüň nury galsa öçüp,
ýöne saňa bolýan zadyň
özlerine bolýanyny
biler olar başdan, belki,
käbirisi biraz soňra,
öz paltasy daşa degip,
dişin döwüp beýlekisi,
düşünerler olar ahyr,
näme bolýar il-ulusa,
çagalara, naçarlara,
erkeklere, içi giden,
özi galyp, göçi giden,
boýun alyp bilmese-de,
bu bir kesel, dermany ýok,
saňa gülen bolar olar,
diýen bolar Alla bardyr,
diri, ölen bolar olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024