Goçaga iberilmedik hat
Öz ýurduňy gullar ýurdy,
baş egenler ýurdy edip,
dyz epenler ýurdy edip,
ýüzün sallan aşak mydam,
näme diýse iň ýokarky,
el çarpanlar ýurdy edip,
ýurdy edip aýdymçynyň,
waspyn edýän ezijiniň,
ýa dymanlar ýurdy edip,
belki, uzak saklap bolar,
azalmasa, has köp bolsa
gul boljaklar öňkülerden,
ýylba-ýyldan bisowatlar,
gözi däl-de, ýüregi kör
köpeldilse mekdeplerde,
görüp, bilip, gulçulygyň
nä günlere salýanyny,
bu bolmaly zat diýse il,
Alla bardyr, bu şoň işi,
biziňki däl, dat diýse il...
Ýöne bir gün, ikinji gün,
üçünji ýa dördünji gün,
aýlar geçip, geçip ýyllar,
pikirlenýän artyp kem-kem,
artyp biraz namys edýän,
içi yrza bolmadyk hiç,
ýa özüni, çagalaryn
ýüreginden söýýän ata,
ýüreginden söýýän ene,
ýa ogul, gyz, tursa ir, giç,
üstün kakyp, seniňki kyn,
gul atasy, sowet guly,
ezip ili, talap soňsuz,
bolan bolma goçak, uly.