Jübi ölümi

Hiç bir zadyň bolmazdy seň, birleri
gije-gündiz arzuw etmedik bolsa,
ýa çümmedik bolsa soňsuz hyýala,
gözi gidip asmandaky guşlara,
o biriniň ogly, gyzy, aýaly,
göz öňüne getirmedik bolsalar,
ýok bir zady, adam hukugy ýaly,
mertbesi ýaly, basylan aşak,
haýsy ýurtda, nirelerde bolmady,
iki, ýeke çykyp, bilini guşap,
urulyp, ýenjilip, samsyk mysaly,
ýa-da däli diýlip gülünen ilki,
hemme bolan bolsa guýruksyz tilki,
hiç bir zadyň bolmazdy seň, jemagat,
bir diliňde Alla, birinde ýalan,
düşünýärsiň ahyr, eger birisi,
ýa ikisi, ýa üçüsi, dördüsi,
öldürilmän galan, gutulan, belki,
bir ýerlerde ýürek edip, dikelip,
sylag, hormat ynsan bolan ynsana,
diňe pula, wezipä däl, güýje däl,
bir azajyk söýgi, biraz erkinlik,
belki-de sorasak, gözlesek, tapsak,
gapysyny kaksak, bu gün ýa ertir,
biz oba-da gelip biler diýmese,
ne maşynyň galar, ne-de motoryň,
arabaň döwüler, eşekli çekjek,
hiç bir zadyň bolmaz seniň, jemagat,
Alla diýip, öňe ösmegi däl-de,
Alla diýip, yza tesmegi bilseň,
ýa bolýarmy adam saýman özüňi,
iki şaýy bolup, jübiňde ölseň?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024