Hudaý urmadyk

Sen iliňi halas edip bilmersiň,
öz-özüne duzak guran asyrlap,
gülen bolýan biri janyksa çala,
düşünjek bolmaýan özüne, özgä,
sähel zada göçýän alan dek gala,
pikir etme, seniň göreşiň onuň
göreşi däl, başga onuň hyýaly,
düşünmez gynansaň düşen halyna,
okuwly, okuwsyz, erkek, aýaly...

Seret olar nämä güýmenýär, gülýär,
höwes edýän zady näme milletiň,
ýa köplügi nämä gynanýar, ölýär,
ýa-da biri-birin ýigrenýär neden,
sen gedemmi ýa-da jemagat gedem,
men-menligiň köli gark edip giden,
ýa-da geljek adamlaryn öňünden,
eliňi uzatma, almazlar ony,
galar olar şol bir ýerde, butnamaz,
saklar daňyp müňkürligi, gümany.

Sen onuň zynjyryn gyryp bilmersiň,
beýnisine urlan daşardan, içden,
pikir, oýy bilen ikiçäk bolup,
galmaly ol, dikleşmeli islese,
ýa-da gürleşmeli tirsege galyp,
düşünjek bolmaly ilki özüne,
azaşdyrman biri-birin aslyşyp,
garap, belki, görmek üçin gözüne,
bu halkyň söweşi öňünde duran,
başgalar däl, özi duşmany onuň,
hudaýy däl, özi il-güni uran.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024