Köşkdäki gedaý

Her kim bir gün bergisini bermeli,
amanadyn tabşyrmaly gürrüňsiz,
emma bar gep şoňa çenli, nebsiňi
jylawyny saklap bilmän goýberseň,
oýun ýaly başda başga, özüňe
at, dereje, gymmat jäjejik berseň,
soňy erbet, ulaldykça harmanyň,
sen adam däl, heläk alanyň gizläp,
ogurlanyň bilen ulalyp bilmän,
özüň aldap, edermenlik eden dek,
baş egdirip, günde özüň öwdürip,
daşdan görseň, güp ynanýan gedem dek,
beýik diýse bogulanlar sürüsi,
ezileniň ezileni – žurnalist,
ýa bolasy gelýän ýazyjy-şahyr,
toý bagşysy, sazandalar, gözgyny,
gyjagyň zaryna çydar ýaly däl,
düşünmeseň, belki, aglaýar diňe
ýat illerde gul bolanyň halyna,
ýöne il däl, baş ezilen, baş gyrnak,
baş gul bolan gara nebsiň eşegi,
ýatyp bilýän däldir, ýitiren özün,
goý, her näçe ýumşak bolsun düşegi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024