Ýürekdäki türme

Olar ýurdun türme etdi birleşip,
uly, kiçi, aýal-erkek, müýni ýok,
gurdy olar gurup bolýan duzagy,
bilip, bilmän, düşürjekdi başgany,
sebäbi özleri gowudy mydam,
mamladylar, başga biri mamla däl,
gapy ýokdy, demir gapy köpeldi,
köpeldi gözenek penjirelerde,
beýik haýat, beýik demir derweze
moda boldy, arzuw boldy, belki-de,
sebäbi bahyllyk otyrdy içde,
ýa ýatyrdy ýatyp bilmän müňkürlik,
haýsysy gürlese, beýleki biri
haýyn, haramzada, ýalançy, kezzap,
ol ony, bu muny ýigrenýär çensiz,
başarmaýar gizlemegi duýgusyn,
gara gaýgy, meger, birinji bolmak,
türme etdi olar bütin ýurduny,
agzyn dykyp bir-biregiň başarsa,
nadaralyk edip, ýazyjy, şahyr,
gygyrsa, jabjynsa başga birine,
deň bolmajak bolup çekilse adam
ýeňdim diýýär, ýüzi gülýär, dereje
ýylba-ýyldan aşak gaçdy, adamlar
ownadylar gara köpüge çenli,
adam satan utanmaýar çala-da,
dönük bolýar galat diýen galada;
olar ýurdy türme etdi gürleşip,
başgalary saljak bolup içine,
emma türme bir taraply bolmady,
köp taraply boldy, işledi, aldy
gurluşykda güýç görkezen ärleri,
aýallary, çagalaryn sylaman,
gaçan gaçdy, ýöne türmesi içde,
ýat illerde biri-birin günäläp,
olar barmak çommaldýarlar, hamala,
bu mesele çözüljek dek birigün,
ýa-da ýene biraz gaýrat etseler,
olar türme etdi birleşip ýurdy,
yzdan geljek näçe daşa gitseler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024