Ol adam meselesi
Men ol adam ýaly, adamlar ýaly,
il içinde iline ýat, keseki,
özüne ýat, gülen bolýan ýalandan,
bilen bolýan, bilmesizi bilmeýän,
ýa medally, ýa medalsyz, çäreçi,
ýa ýowarçy bolup galmak islämok.
Men ol adam ýaly, adamlar ýaly,
toý-dabara çagyrylýan, gatnaýan,
gurçuk tutýan, bugdaý ekýän, mal-gara
gije-gündiz ideg edip ýatmaýan,
ýa ýarym aç, gaýgy edip ertirin,
Alla diýip, diri ölmek islämok.
Men ol adam ýaly, adamlar ýaly,
bolmaly ýerinde bolman hiç haçan,
gelmeli ýerine gelmän hiç haçan,
habarly, bihabar garyp halyndan,
ýa mätäje beren bolup sadaka,
özüme iki paý almak islämok.
Men ol adam ýaly, adamlar ýaly,
ýa ýüreksiz, ýa bagyrsyz, ýarasy
açylmaýan, ganamaýan hiç haçan,
utanjy ýok, haýasy ýok, arkadan,
ýa-da içden diýilýäni diňlemän,
eşitmedik bolup, gülmek islämok.