Baýram namazy

Ýadan millet, aran millet ýalandan,
Allanyň adyndan talaýan, çapýan,
şükür, Alla diýip, atly, ýaragly,
olja üçin, alsam diýip gul, gyrnak,
ýurt çapmaga ugramady, mejalsyz,
çaý-çöregi gaýgy bolan otuz ýyl,
geldi Baýram namazyna, diledi
parahatlyk, asudalyk ýurduna,
arasynda hossar diýip ýalandan,
keseki däl, halkyn çapan gurduna...

Prokuror, kazy, batyr KGB,
polisiýa bükgüldedi içinden,
daşyna çykaraman, çala-da bolsa,
öz ilini geçirenler türmeden,
eden işlerin ýatlady, belki,
göz öňüne gelip aýal-erkege,
günün görjek bolýan urnup çar ýana,
sütem eden uzak-uzak ýyllary,
kast edenler, meger, üýşendi görüp,
halkyň haka telwasyny, çagasyn,
garrysyny kän agladyp milletiň,
ýykan öýlerin ýatlady olar,
on ýyl öňem hiç kim pikir etmändi,
munuň ýaly Baýram namazy bolar.

Iň ýokarda, pygamberiň ornunda,
aşagynda oturanlar busan il,
bolşewigiň gazabyndan susan il,
gara güýje tabyn bolar elmydam,
tabyn bolar şere, töhmete diýip,
arkaýyndy arak, şerabyn satyp,
neşe satyp islän wagty, tonnalap,
kürsi satan, bogup çelegiň agzyn,
pikir etdi biraz dodagyn ýalap.

Hatda bagşy, sazandalar, ýalanyň
iň esasy diregleri, daýanjy,
aýdym aýtdy Alla diýip, hak diýip,
eger adam ysy bolsa azajyk,
zulum bolan, sütem bolan buýsanjy,
pul sesin däl, böwrün diňlese indi,
unudylan toba bolmaly sanjy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024