Özüň bol

Özüň bolmak üçin, belki,
galmak üçin özüň bilen,
soň tapylan dost-ýarlardan,
ýoldaş bolan ýolda, selki,
daşy jäjek, içi möjek,
pikir etmän ýa tanaman,
oýun edip uly, kiçi,
sanjy bolan ýüregiňe,
çykar ýatdan, gitsin, geçir,
saplanjak bol ýeke-ýeke,
saplan hatda ata-babaň
babasyndan miras alan
öýkesinden, kinesinden,
o tire däl, bu taýpa däl,
agyr günde goldamadyk,
gelip çapan, päli ýaman
milletleriň ählisinden,
saklama hiç, depderiňden,
ady bolsa, adyn öçür,
hemmesi bir adamzadyň,
uruş onuň baş hünäri,
gyrmak, almak ýerin, ýurdun,
öz dinine salmak, salgyt
tölär ýaly näçe diýse,
özüň sapla özgelerden,
iýseň, diňe özüň iý sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024