Ömür aladasy
Sen çüýreme çüýrän bilen,
ata-baba öwreneni,
gyzma saňa gyzanlara,
ýigrenme hiç ýigreneni,
sebäpli ýa sebäbi ýok,
bahyllygyn geçir bolsa,
dogan-gardaş, dosty-ýaryň,
ýykylaňda gülýän iniň,
başyn sypa, kiçijikkä
ýykylanda ýeri urup,
köşeşdirjek bolşuň ýaly,
hyýalyňda, barman golaý,
sen ösjek bol, özgerjek bol,
gowulyga tarap mydam,
erbet bolan bilen erbet,
galat bolan bilen galat
pökgüsini depip, oýnap,
wagt ýitirme, çekil daşa,
goý, diýsinler gedem, aýnan,
özün bilýän, özüň ýaşa,
özgäni däl, özüne ýat,
çünki ömür, gidýän günde,
dolanmaýar yzyna, dat.