Ýagşylyga ýamanlyk
Lenji çykan ýoda bilen gelýäne,
bir-birine emel salyp, gülýäne,
talaýana ejizini, egsigin,
aldaýana öz-özüni, dünýäni,
bagtly bolup, bagtyýatan halyna,
göre-bile, belki, gijeler aglap,
görmedik bolýana petigi öňde,
ilim diýip, dogan diýip, dost diýip,
ýürek edip, täze ýoly görkezseň,
sowjak bolsaň galmagaldan, jenjelden,
aýdyşy dek köneleriň, maňlaýyň
deşer olar daşyn çykaryp ýeňden.