Wezipe pesligi
Sen ýaş wagtyň gurply biraz,
özün tutan wezipede,
garyp ýaly susman mydam,
gorkusyndan galpyldaman,
zerur wagty hakykaty,
çyn sözüni aýdyp biler,
diýip biler diýip örän
ýalňyşarsyň, daş düşersiň
hakykatdan ýedi menzil,
baýadykça adam pahyr,
ornaşdykça kürsüsinde,
ogurlyga, egrilige
batyr bolup biler, emma
çyn sözüni aýdyp bilmez,
hatda başlyk sögse hapa,
bolman turup gaýdyp bilmez.