Monah pähimi
Käbirine sen il üçin,
ýurduň üçin azda bolsa,
elden gelen işiň etdiň,
etjek bolduň diýmek gerek,
diýmek gerek bilýändir,
görülýändir haýyr işiň,
diýilmäni üçin däl öň,
görüp, bilip yhlasyny,
bir ýagşy söz häzire çen,
çapjak wagty aýlaw baglap,
urulany üçin ýüzün,
ýeňsesini goýman, belki,
diýileni üçin oňa
geregiň ýok, gelme gaýdyp,
käbirine sen iliňe,
gijä galman, işi bolsa,
gerek käte bilmek aýdyp.