Düşün indi
Seniň baryp bilmedik
ýerleriňe barsa adam,
ýürek edip, aýgyt edip,
gitse yza garaman,
öz başyny özi çarap,
senden kömek soraman,
goldaw tapyp başga ýerden,
gel diýeňde gelmese,
gal diýeňde galmasa,
seniň bilen çörňeşip,
baglamasa seniň ýoluň,
alsa awun özi çykyp,
dag başyna, açyk deňze,
bahyllykdan aglama,
içiňdäki egsik ogly,
kümsük ogly bas aşaga,
çykarma-da daşyn dolap,
don geýdirip, diýip ap-ak,
gidene bar, alana bar,
düşün indi, bahyla ýok.
Gözleme sen ilden aýyp,
ýitirme hiç wagtyň indi,
özüň derňe, özüňi gör,
düzet özüň, ösdür özüň,
kämilleşdir, öňe çykar,
gara pikir, gara niýet,
ilden ozal, özüň ýykar.