Doýan aç
Düýn doýan aç, döwletdäki
düşewündin ýitirensoň,
özi ýaly uly bolan,
emma indi ol ozalky
bolçulykdan daşda galan,
ýa özünden ogurlan kän,
ildesini ýaralajak,
urjak bolar seniň eliň,
o bolmasa diliň bilen,
sylan bolup iş bitýänçä,
garpyz berip goltugyňa,
zat diýmeseň, ýüzi güler,
ol akylly, sen bir sada,
okamadyk ýeke kitap,
seniň ýoluň diýer ýoda.