Aňsyz ýaşaýyş

Karl Ýuňuň äheňinde

Aň, üşüksiz işleriňiz,
adat diýip edýän, gidýän
ata-baba däbim diýip,
dymyp, meger, dymmasyza,
sylan bolup sylagsyzy,
birisine myhman diýip,
birisine diýip diýip däli,
erk, ygtyýar berseňiz kän,
ýagny aňsyz ýaşasaňyz,
toý-tomaşa kowalaşyp,
kowlaşyp altyn, kümşe,
ýaran bolup uly ýumşa,
gülen bolup ýansa biri,
köýse biri çynyn aýdyp,
üşüksizlik gönükdirer
durmuşyňyz başga ýana,
diýersiňiz ykbal oňa,
diýen ýaly hana jana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025