Içdäki çaga

Içiňdäki ýaş oglany,
ýa ýaşajyk gyzy bejer,
ýetim galan, belki, ölüp,
ejesi ýa kakasy ir,
ýa-da diri ene-ata,
ýetim ýaly saklan bolsa,
ýa başga bir ýagdaý bolup,
uruş turup, duşman çozup,
ýa-da içden döräp duşman,
ýurduň ýetin galan bolsa,
ýetim ýaşan bolsa halkyň,
öwrenýärkäň okamagy,
ýa mekdepde bäşlik alyp,
ikilikçi klasdaşlar
giren bolsa ÝOJ-a gowy,
seni goýup gara işde,
bejerjek bol çagany sen,
içde galan, göýdük bolup,
töhmet atýan wagty döwlet,
terror atyn münüp günde,
ýok edýärkä sen şermende
diýip iki-ýeke çykyp,
goranlary ilin şerden,
iň esasy sapla ony,
boşatjak bol düýp hederden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025