Hatyra güni
Seniň ýurduň kitaplary bolmasa,
seniň ýurduň kinolary bolmasa,
seniň ýurduň oýunlary bolmasa,
aýdymy bolmasa, ýürekden çykan,
goşgulary sözlemese il derdin,
dymmasyza dymyp, ýatlap bilmese,
hatda ýurdun gorap ýykylan merdin,
ýa-da seniň kitap diýýäniň näme,
näme kino diýýänleriň, aç-açan
aýdylmasa, diýilmese, niýetiň,
sen näme diý, ýykmak bolar mekdebi,
kitap diýip, aýdym diýip satýanyň,
geçip, iliň gapyp bilmez gözüni,
açlyk bilen, türme bilen birsellem
bogup bolar, dogry, halkyň sözüni,
ýöne ahyr utularsyň, bu dünýe
tozanyna garar seni hem meni,
il içinde üşüklisi, düşünýän,
çagasyna başgalaryň kitabyn,
kinolaryn berer, aňy açylsyn,
halas bolsun diýip milli girdapdan,
ogul-gyzyň tegmil bolar adyňa,
bakylyk ýok, ertir gaçarsyň tapdan.