Ýürek ýalany
Belet boldum, aýdyp bilmez dogrusyn,
her gün gowy ýalan sözlär ýüregim,
belki, näme isleýänin bilensoň,
alyp gaçar aldap, beýnimi yza,
oglanlykda orak alyp elime,
ot ýygan pellerim garaşýan ýaly,
garaşýan dek ejem tamdyr başynda,
gözlerimi umyt bilen ýumduryp,
alyp gider hyýal obama meni,
oýnap-oýnap, bilmän öler, galarym,
alatozan edip tozanly ýoldan,
etek alty, tigir sürüp gelerin,
tamdyrdan çykaran güneşin döwüp,
suwly bedrä batyrar-da, ejem jan,
al, Ýowşanym diýip, uzadar mähir,
söýgi bilen ýapan jennet çöregin,
bilýän, beýnim iýer çemçe, çanaksyz,
ýürek berse öz isleýän höregin.