Surat

Menzil

Mahmyt Derwişiň äheňinde

Eger-de bu kagyz bolsa,
ýyrtyp, ýakyp, tozadardym,
diýerdim git, daşda ýaşa,
çüýşe bolsa şeraply, boş,
jäç ederdim urup daşa,
diwar bolsa, ýa ýykardym,
ýa-da ýadap, ýykylardym,
ýykjak bolup uzakly gün,
soň dikelip oturardym,
hossar ýaly, arka diräp,
emme ýürek, özümiňki,
alyp barýar meni süýräp,
nirelerden nirä geldim,
bellisi ýok haçan, nirde,
ýa-da nädip biter menzil?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024