Ajy hakykat
Bir ýaşuly diýdi bir gün,
eşek gyran gyşdan ozal,
69, ýadymda bek,
gardan ozal görülmedik,
eşek bardy süri-süri,
her obanyň golaýynda,
başlyk diýen ýok ediň-eý,
has gataldyp gaty sesin,
ekinleriň gyrasynda
gaýdyp biri görünmesin!
Başlyk diýse, kanun ýaly,
biri tutup ýeke, ýeke,
sim sarapdyr gazap bilen
açmaz ýaly agyzlaryn,
aç ölüpdir janawerler,
ýöne soňra ýaňky bende
bokurdakdan düwnük bolup,
ölüp bilmän ýatypdyr kän,
görsün diýlen ýaly her kim,
soramaga gelen ynsan,
ýüreginde galan, belki,
içinden ýa daşdan hökman
ýatlaýarmyş eşekleri,
bu dünýe bir depe uly,
bolma onuň düşük ýeri.