Dar hökümet
Dar hökümet düşündirmez,
açjak bolmaz gözün iliň,
aýtsyn diýmez aýtsa bilen,
basjak bolar sözün iliň,
gysjak bolar ony çüňke,
gorksun diýer yzdan gelýän,
ürksün diýer ýüzi gülýän,
gorkak mydam, gaýgy eder,
içi heder, daşy heder,
dar hökümet giňlik bermez,
türme berer, ýüregi dek,
hapa bolar içi onuň,
garaňky bor, güneşi ýok,
şem bolmaly özüň, belki,
ýa-da ojar bolmaly sen,
ýa kesindi, ýa bir esgi,
ýaga batan azda-kände,
tüsselemän, ýa tüsseläp,
ýanmaly sen uzak gije,
bary-ýuguň - janyň ýakyp,
dar hökümet düşündirer,
har eder ol gülüp bakyp...