Surat

Yza galsaň...

Sen bilimsiz, galsaň gowşak,
çet obada, pagta ýygyp,
ýa şäherde, saýlanyň däl,
eneň, ataň ýazgyt, duşan,
sada bolsa çenden, çakdan,
nesibedir, umydyňy
üzme diýip, balam, hakdam,
özi ýaly saklan bolsa,
ýa garalap başgalary,
mydam özün aklan bolsa,
ýigrenç bolsa içiň doly,
kine bolsa içiň doly,
öňe gitmän, yza gidip,
ösmek ýerne küsüp mydam,
bahyllyga batyp galsaň,
basgylarlar, oglan, seni,
kemsiden kän bolar ezip,
sapak çykar, özüňe gel,
geçip gitme bikär gezip,
wagt ýitirip ýitirmeze,
seret ile, basgylanan,
seret ile, umydy az,
diýme, wah, giç, düşünmedim,
wah, aýdanam bolmady-da,
yza galsaň basgylarlar,
basgylarlar ogul-gyzyň,
diňe düşün şuňa ilki,
soň bilersiň özüň yzyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024