Bu durmuş

Bu durmuş oýun däl, bolmady asla,
gülki däl ol, kemsitmek däl birlerin,
pitjiň atmak däl manysy durmuşyň,
orta çykan bolsa, ýüzüni açyp,
ýagşy, ýaman iş etjekden il üçin,
başarsyn ýa başarmasyn kä zady,
daş zyňylsa, aýna adamyň ady,
şyltak atmak däl adama ýaşaýyş,
o birin hapalap, apalap başga,
belki, ýuwup, ardylmajak kişini,
durmuş sahna, teatr däl bolsa-da
tomaşaçy, bilet alan ýeterlik,
magtanmak däl, görünmek däl ýaşaýyş,
derejäňi açmak, belki, ýaşyryp,
meniň oglum, onuň gyzy bar diýip,
goý, kim bolsun, aşak depip guşakdan,
ýykjak bolmak beýiklik däl, peslikden,
bu durmuş oýun däl, bolmady, bolmaz,
aklyň bolsa, saklanjak bol meslikde.

Düşünmeseň, ýa düşünjek bolmasaň,
ýa düşünip, boun alyp bilmeseň,
ýa bolmasa düýpli düýnüň, derejäň,
sylap goýmaz, aýap goýmaz ýaşaýyş,
aýamadyk bolanlary maksady,
kesek eden men-men diýen ärleri,
basgylansa, aşak basylyp adam,
zulumyň, sütemiň öňünde durup,
sözün aýdyp, galat işi ýazgaryp,
seniň ýaly başga niýet bolmasa,
ada gyzan, zada gyzan, ýa garyp,
pukarany oýnap, gyrada duran,
ýa baý bolan saýasynda kimleriň,
pida oýnun oýnama-da, ozaly
özüň hakda, işiň hakda pikir et,
nirelerde näme etdiň, etmediň,
öldürilýän nire, sen nire asla,
ýa göreşen, göreşmedik hiç haçan,
ýa-da ýaşan ala-mula matlaply,
deň bolmaz, bolmajak bolsaň-da palta,
agaçdan däl, hatda demirden saply.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024