Ynam gerek bize, ulus!

Bize umyt gerek, ulus,
ynam gerek özümize,
başgalara, azda bolsa,
gaçyrmak däl bolanjasyn,
kim özüne göwün berse,
tapjak bolsa özün gözläp,
durjak bolsa öz ornunda,
ýa gözlese başgalarda
gowy adam, kümsügi däl,
ynam, umyt edip käte,
hormat etse, sylap içden,
maýyl bolsa sözlerine,
guwanç gelse gözlerine,
bilip ýa-da bilmän gowy,
kesek zyňmak, daş ýa demir,
ýa demirden gaty sözi,
zawod ýaly öndürmek däl,
gyzdyrmak däl birlerini,
degip-degmän çetlerine,
gep bermek däl ýalan-ýaşryk,
alartmak däl agyzlaryn,
bize mähir gerek bu gün,
gerek, belki, söýgi biraz,
gahar, gazap gözlerimiz,
ýüregimiz kine iýýär,
öýke iýýär bizi ýogsa,
goý, kim bolsak şol bolalyň,
boguşmalyň biri bogsa,
bokurdakdan alyp iliň
çagasyny, ogul-gyzyn,
kakasyny birleriniň,
ejesini başgasynyň,
doganlaryn, urýan bolsa,
bozýan bolsa gara pikir,
begenmäliň iň bolmanda,
baryň, görüň, kim ölse-de,
mazaryny örter güller,
ýaşamaga umyt gerek,
ynam gerek bize, iller!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024