Dil ýaragy
Dili ýarag edip ulanýan adam,
sözi ýarag edip ulanýan adam,
dil tansyny edip şeriň toýunda,
düşünişmek üçin, gurmak üçin däl,
gorag bolmak üçin bela-beterden,
tüýsi bozuk beti urmak üçin däl,
açmak üçin gözün, aňyn entäniň,
saýawan dek, açylmasa ýük diňe,
döwlen göwni seýiklemek, bejermek,
sögüşeni ýaraşdyrmak üçin däl,
adamy adama küşgürmek üçin,
bölmek üçin tirelere, millete,
beýik diýip, ýa pes diýip, tagmalap,
dili ýarag edip ulanýan adam,
günün görer seni, meni ýagmalap.
Dili ýarag edip ulanýan adam,
oňa, muňa ýarlyk dakyp, at dakyp,
gykylyga berip jylawyn atyň,
pida bolup oýnap, ýöne pida däl,
hakykatçy bolan bolup, gaýduwsyz
jenaýatçy bolmak üçin aslynda,
aşak basmak üçin başga birlerin,
agyr sözler bilen dalap, agyrdyp,
uzagyndan alyp biljek jan, belki,
ýa susdurjak, müýnli, günäli edip,
ýanynda bor şermändäniň şaýady,
nöker tutup hakyna ýa gorkuzyp,
ýa niýeti, päli bolup garyndaş,
sözi ýarag edip ulanýan bende,
topa tutan ýaly uzakdan, gelmän
ýykan ýaly öý-işigin adamyň,
deň bolmadyk urşa gatnaşyp, meger,
hakykatda iýer diňe öz gamyn.
Sözi ýarag edip ulanýan adam,
ýa guwanýan onuň gara güýjüne,
ak güýjüni goýup diňe özüne,
töhmet atar hakykatda adama,
çyn donuna dolap ýarym ýalany,
ýapyşsyn ýa ysy galsyn hapanyň,
zyňar, durmaz döwülýänçä galamy,
pylan wagt pylan etdi, pylandy,
gören ýaly, duran ýaly ýanynda,
ýa bar ýaly möhürlenen kagyzy,
inkär eder hakykaty, müň bolsun,
öz göwnüne, niýetine yrylyp,
sözi ýarag edip ulanýan adam,
höküm eder, buýruk berer gyssanmaç,
garalawçy, prokuror, hamala,
ýazykly ýa asy eder özüçe,
ösüp-örňäp, gelmez bolsa kemala.