Içdäki dowzah

Her kimiň öz dowzahy bar içinde,
sakar otly, alyp barjak gidende,
özünden öň gidenleriň yzyndan,
bärde gorkup, gelip bilmän ýüzüne,
ýaşaýar ol pida bolup özüçe,
görüp, bilip, pida munda hemmeler,
ýapyk gapyň arkasynda edilýän,
edilmesiz, bilinmesiz işlere
şärik bolup öz deňinde, dereje,
ýa-da aýyp bilip, utanyp biraz,
käbirleri ýürek edýär, elbetde,
bir ýerlerde durjak, saklanjak bolýar,
öz depesin, diňin gorap, aýdaly,
Diňlidepe ýaly, partlatsa ganym,
ölýär, galýar aşagynda kesegiň,
ýöne durup bilmän gaçanda adam,
galanyň däl, goragynda özüniň,
çagasynyň, uruş ýokka aç-açan,
gorkup diňe ýokarkynyň sözünden,
ýok ederin diýmän, gyrýan asuda,
sessiz adamlara daýanyp ýyllap,
her kimiň öz dowazahy bar içinde,
köprüsi bar inçe, ýogyn däl gyldan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024