Ýalan agzybirlik
Giç olara bir zat diýmek,
gaharlary gelýär gaty,
diňe öwüp oturmaly,
haly, palas, iti, aty...
Daşarda ýa mejlisde däl,
öýünde-de adamlaryň,
çaý başynda, ikiçäk ýa
üç, dört bolup iç döküşmek,
edýän gaýgy, aladaňy,
çynyň aýtmak bolmaýar hiç,
bolmaýar hiç başga pikir,
ýa baş atyp ýylgyrmaly,
goldamaly ýaşulyny,
okamadyk ýeke kitap,
ýa dymmaly, kaýyl bolup,
bolsa bolýar diýip gutap,
ýogsa sen bir kanagatsyz,
ýa bulagaý, maşgalany
böljek bolýan gara goýun,
etek alty, ýeň ýediniň
biri diýip käýeýärler,
şüküriň ýok, bir garny aç,
el sermediň köçede hiç,
gorkuzýarlar agzyň açsaň,
itip eltip uçuda, giç...