Göreş diýme

Göreşmese näme bolýar,
nädip ölýär ölýän diri,
25-de, 80-e çen
bolan bolup iliň biri,
ak sakgally, telpek geýip,
düşünmedik bolýanlara,
ýüz saraltma göreş diýip.

El-aýagy daňlan ýaly,
dilsiz gelen ýaly dünýä,
ýa-da ýalan gepi haly,
palas edip düşenýäne,
göreş diýme, dünýe pany,
wah, gowusy gerek Alla,
ajal ýetse, çäräň ýok-da,
diýen bolup ýyksa aldap,
öz-özüni, başgany däl,
göreş diýme adamlara,
görüp durka ähli zady,
telefony barka gowy,
adam ogly bolup ady...

Göreş diýme, söz zaýalap,
ýa öwretme görnüp duran
ýalan näme, talaň näme,
sütem näme, aňyrsy ýok,
gyrgyn näme, göni, gyşyk,
özün bogan öz-özünde,
aşak basyp kellesini,
çekse dilin içden yza,
göreş diýme ýaşaýana
ata-baba çöküp dyza.

Dogry, ýeke galarsyň sen,
azlyk mydam göreşýänler,
garalanýan yzdan, öňden,
aklygyna galar gaçan,
gutulanlar öz-özünden,
göreşesi gelen başda,
goranasy gelen başda,
ýöne soňra, durmuş şeýle,
diýip batyr bolan aşda.

Göreş diýme ýakyn, ýada,
dogan-gardaş galmaz, adam
ýeke galar göreş diýse,
ýa göreşse, gara güýjüň
garyndaşy kändir ilde,
olar seni goldamazler,
ýa-da goldar içden, dilde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025