Gürrüň berme

Bir taraply hekaýany,
gürrüň berme, çynam bolsa,
aýdyp berme görenleriň,
geçireniň başdan asla,
aýyplanan bolsaň ýalan,
gorkusyndan şaýat bolan
adamlaryň dili bilen,
dini bilen, imany ýok,
töhmet diýip, diýip şyltak,
döwlet atan bolsa ony,
döwlet basan bolsa türmä,
gözün oýan oýman iliň,
dilin kesen kesmän dilin,
galan bolsa seniň eliň,
yşaratyn etme onuň,
ynanmaga het etmezler,
çünki döwlet başga bolar,
içe dogmaz terror salar,
adam başga, ýok edilýän,
bir, iki däl, ýüzläp, müňläp,
gulak assaň geçmişiňe,
sesi geler yzdan iňläp,
bilýän bolsaň ýurduň, halkyň,
her öňýeten ikiýüzlä
üzüm bolma iki salkym,
gürrüň berme bir taraply,
döwlet ursa, öldürse-de,
şaýadyň ýok, bolmaz asla,
döwlet bolsaň, şaýadyň kän,
töhmet atyp bolar toslap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025