“Aglama” diýdim ýürege

“Aglar içimde ýüregim, aglar çojuk gibi.” Türk aýdymyndan

“Aglama” diýdim ýürege,
“Besdir” diýdim arada.
Diňe uzak ýollar däl,
Buzluklar bar arada...

Sözden teşe ýasanyp,
Urma gara haýata.
Görjege, düşünjege
Hak, hakykat aýada.

Söze garşy döş gerse,
Aýdyň diýlen dyzanyp;
Guşy uçar ýalançyň,
Sözi geçer azanyň...

“Besdir” diýdim ýürege,
Çeni barmyş her zadyň.
Aglasaň – güler duşmanyň,
Hemem “aglak” bor adyň...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019