Özüme

Sen özüňde güýç tap,
Bolmasa döret,
Gargana gargamaz ýaly,
Ýigrenmez ýaly mugtuna,
Daşdan ýigrenen bendäni;
Kynam bolsa öz-özüňi igele,
Ýiteltjek bol, küti bolma kütä sen,
Güýç tap, bir ýerlerde bolsa, bolmasa
Döret ony, dogur hamyla bolup,
Ýogsa sende şine uran adamjyk,
Boý almagyň ýerne saralyp-solup,
Tänip gaçar bir gün ýaprak mysaly,
Sen özüňde güýç tap adam bor ýaly!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019