Meniň ejem, seniň kakaň
Baýramsoltana
Meniň ejem,
Seniň kakaň,
Yzymyzda aglap-aglap ötdüler.
Meniň ejem,
Seniň kakaň:
“Gelmediň-le, oglum!” diýip,
“Gelmediň-le, gyzym!” diýip,
Arman bilen bakyýete gitdiler.
Biz olary ýesir goýup duşmana,
Diňe öz başymyz gutardyk gaçyp.
Olar ýolumyza göz dikdi uzak,
Hem gitdiler, janym, gözleri açyk...
()