Nälet teoriýasy
Professor Nazar Gullanyň ruhuna bagyşlanýar
Ýaşdyk, Aşgabatda obadan gelip,
ýitirilen ýyllaň yzyndan ylgap,
okajak bolýardyk, biljek bolýardyk,
soraýardyk, halypamyz bir gezek,
professor, saçlaryna ak sepen,
biz näme üçin beýle diýlen soraga,
diýdi, walla, gargyş siňen bolmasa,
zalym bolan biziň ata-babamyz,
baran ýerin basyp, ahyr soňunda
biri-birin awlap olja üstünde,
aňyrlaryk seretmegi başarman,
bizi ýapja hala salypdyr baky,
ýaşdyk, okaýardyk, ýadymda şindem
şu edilen gürrüň, Aşgabatdaky...