Şere atylan göjek

“I write for those who cannot read me.” Eduardo Galeano

Men ýazýan özümi okap bilmejek,
Goşgudan daş düşen okyjy üçin.
Şondan başym alyp gaçdym bir gije,
Ýogsam orta ýolda galjakdym öçüp.

Men ýazýan özümi okap bilmejek,
Belki, okamajak halkyň dilinde;
(Soň diýerler: “Şere atylan göjek!”)
Ölsemem galamym almaň elimden...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019