Gowy oglan
Gowy oglan boljak bolma,
boljak bolma gowy adam,
baryň berip, ýaranmarsyň,
ýetmez ömrüň berseň hatda,
baky ýaşan ýetde-gütde,
gözi doýmaz adamzadyň,
boljak bolma gowy oňa,
ýa görünjek bolma gowy,
häsin berip öňýeteniň,
içi doly gepmi-gürrüň,
poslap giden adamlaryň
göwnün awlap bilmersiň sen,
ýa ýüzüňi alanlaryň
ýüzün alman, geçirimli,
bolan bolma, dişiň gysyp,
deň bolmaýyn, kim bu diýme,
gezme başyň aşak, susup,
ýa soň, gije özüň iýme,
diýme biler iller ýa-da
agramymy meniň, onuň,
gülen bolma aglamala,
boş gürrüňdir bary munuň.