Nesibe
Sowulyp bilmedim ýolumdan düşen,
ýüregimde niýet, pälinden, belki,
ýogsa baryn berilýänin adama,
maňa-da berdiler, al diýip, ynha,
keýpini gör iki günlük dünýäniň,
iýip, içip, münüp, guçup ötmeli,
emel ýetse, etjegi şu ynsanyň,
ýola çykan durmaly däl, gitmeli.
Golsuz arza daga teşe urýarka,
gybat, töhmet höregikä milletiň,
okan, ýazyp bilýän ýazjak zadyny,
aşagyna goýup onuň adyny,
pikiri bar, niýeti bar il üçin,
emma gara güýje tap gelip bilmän,
ýolundan sowulan, ýalana giren,
talamaga giren özüni, ilin,
öňem kändi, ýene boljakdy ýetik,
kezzap boljak bolsaň, gysgady ýoda,
partiýa, hökümet, boýdan-başa gan,
islänini suwa, islänin oda
taşlap, ýakyp, küle öwrüp bilýärdi,
emma başarmadym, ýa-da hakykat,
alyp çykdy soňky demde ýakamden,
iki eli bilen tutdy-da, hudaý,
ýa illerde ýer sermendim, il diýip,
umydym - ölmerin ruhy gedaý.