Arman
Merediň enesi, unutdym adyn,
Oglanlara güjükleri tutduryp,
Biri-birne daňyp, köne ýüp bilen,
Gurruga taşlatdy üstünde durup...
Çagadym, 43-mi, 45 ýylmy öň,
Güjüklere çörek daşan ýeňinde;
Şol oglanjyk, ak girse-de saçyma,
Henizlerem gelip ýaşaýar mende.
Emma meniň işim başymdan agdyk,
Ýeteşiksiz gara günde ylgaýan.
Ol oglanjyk nirde ýatýar, oýanýar,
Ýa-da näme iýýär, asla bilmeýän.
Göroglynyň atyn ogurlan kempir,
Belki, bolubilse, bolandyr şonça;
Merediň enesi şindem käteler,
Iki aýagym sokjak bolýar bir gonja...
Güjüjekler, aýaklary güýlünen,
Hemem bir-birine daňylan mäkäm;
Urnup-urnup gark boldular ahyr,
Men şonda aglapdym öýe gelmäkäm...
Indi el-aýagy güýlünen hemem
Gurruk guýa gaçan ýaly urunýan
Eziz adamlara ýanýar ýüregim,
Emma öňki ýaly çekemok girýan.
“Näme boldy, şol oglanjyk, güjükçi,
Çörek çilip, aç itlere daşaýan;
Ýaşasa-da mende gitdimi menden?”
Käte durup, öz-özümi gaşaýan.
Emma ýene durup bilemok uzak,
Bir ýerlerik gyssanýaryn, howlaýan.
Içimde bir ýerde, garaňky dulda,
Duýýan, käte ene ganjyk uwlaýar...
()