Çagalary pagta sürdüler ýene

Çagalary pagta sürdüler ýene,
Ýok, bu galat, gitdi olar meýletin.
Ejeleri ejiz, ata biçäre,
Çaga nirden bilsin hökümet netin?

Çagalary pagta sürdüler ýene,
Ýok, olar begenip gitdi bäşşaýa.
Bil bükjek, gazanjak, eşijek aljak,
Puljagaz süýşürjek indiki aýa.

Çagalary pagta sürdüler ýene,
Ýok, olar darkaşa girdi meýletin.
Durmuş bir uruşly kino meňzeş zat,
Ýeňilseň öz-özüň iýýärsiň etiň.

Çagalary pagta sürdüler ýene,
Meýletin gitdiler, diýmäýin galat.
Menem ozal şolaň biridim, indi
Gynanýan kim-kime ýapanma halat...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019