Dag howasy
Ol bir dagyň depesine çykypdyr,
Ýöne dag däl, gara baga basyrnan.
Aşakda obasy ýegşerip otyr,
Yza galyp zamandan, asyrdan...
Ol arkaýyn, gaýgysy ýok ot-suwdan,
Islese bal-ýaga basýar eňegin.
Obadan hat gelýär: “Bärde köp kişä
başardanok goramak öz siňegin.”
Ol gynanýar, ýöne o çöpi alyp,
Beýlekiň üstüne atmaýar häli.
Sebäp umydy bar baryp-gelmäge,
Birden arçyn bilip, ýapmasyn ýoly.
Ýöne gyssananok, ýüregi howlap,
Käte-käte zordan çyksa-da daňa.
Dagdan aşak bakyp, köşedýär özün,
Diýýär: “Her kim çykjak başarsa muňa.”
Başga-da bar iki-ýeke obadan
Başyn alyp gaçan, dyrmaşan daga.
Ýöne olar käte çalymdaş örän
Emmeden aýrylyp, aglaýan çaga...
Olam ozal, meger, biridi şolaň,
Gaýtalardy şol manysyz sözleri.
Indi dymýar, sebäp dagda ýaşaýar,
Düzde uzak eglenmeýär gözleri.
Ýöne mümkin bolsa, saýhally, sadyk,
Görüp gaýtjak garry ene-atasyn.
Goňşular diýsinler: “Dagdan gelipdir,
Ýene-de yzyna gitjekmiş basym!”
()