Il hem žurnalist

Öldürilen žurnalistleriň ruhunyň öňündäki oýlanma

Žurnalist susdurylsa,
Iliň bilmek hukugy,
Hem oýlanmak hukugy,
Bakmak hukugy öňe,
Görmek hukugy ýolun,
Gitmek hukugy daşa,
Almak hukugy hakyn, --
Hemmesi susdurylar.

Žurnalist susdurylsa,
Ýa kesilse hukukdan,
Sorag berip bilmese,
Alyp bilmese jogap,
Hem saklansa ýolundan,
Urulsa, gorkuzylsa,
Ulus il gorkuzylar,
Hem parhy bolmaz guldan.

Žurnalist susdurylsa,
Ýa-da özünden bilip,
Dymmaly bolsa görýän
Ogurlyklary hakda,
Egrilikleri hakda,
Iliň bilin omurýan,
Ýazyp bilmese çyny,
Aýdyp bilmese haky,
Diňe özi ýykylmaz,
Ile geçirer oky.

Žurnaliste, dymmasa,
Ilki işden kowulmak,
Soň diýilmek “bulagaý”,
“Oňuşyksyz”, “şermende”,
“Töhmetçi”, “akly üýtgän”,
Ýa-da türme, bolmasa,
Ruhy hassahana
Garaşýan bolsa her gün,
Bu, meger, ulus iliň
Boljagy içki sürgün.

Žurnalisti terrorçy,
Neşe satan bilen deň,
Ýa ýokarda goýsalar,
Gorkulmaly bela deý,
Hemem diýseler “haýyn”;
Hakykaty ýazanda,
“Ili bulajak bolýaň,
Töhmet atýaň” diýseler,
Ýeke sözün derňemän,
Iliň ertiri güman.

Žurnalist susdurylsa,
Öldürilse susmasa,
Ýa-da ony kem-kemden,
Ene-atasyn gysyp,
Dogan-garyndaş süsüp,
Sögüp, gargap TV-den,
Ýeke-ýalňyz goýsalar,
Öz etin özi iýip,
Öler ýaly ejirden,
Garyp il galmaz ýerden.

Žurnalist susdurylsa,
Sessiziň sesi boljak,
Sessiz galsa ulus il,
Dilin dişläp gorkudan,
Hemem özün aklasa,
“Bu žurnalistiň işi,
Meniň işim däl” diýse,
Görmedik bolsa onuň
Ýetim galan çagasyn,
Ýa-da köçede duşup,
Salam bermese lagşan,
Çal saçly atasyna,
Sebäp bor iliň özi
Öz-özüniň ýasyna...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024