Päl hem ykbal

Eger göz alnyňda çaga ýa aýal,
Ýa-da garry, el-aýagy mejalsyz,
Ýa daýaw erkekler, ýüzüp bilmeýän,
Gark bolýan bolsa ýeke-ýekeden,
Neneň dikbaşaşak urmarsyň suwa,
Halas etjek bolup güýjüň ýetenin,
Neneň el uzatman ýaşarsyň gowa?

Emma gark bolýan, çaga ýa aýal,
Ýa-da garry, el-aýagy mejalsyz,
Belki daýaw erkek, ýüzüp bilmeýän,
Hiçisi elini bermese saňa,
Ýa çekinse beterinden, gark bolmak
Ýagşyrakdyr diýse eliň berenden,
Bu adama, gör, nämeler diýilýän,
Geç haýryndan beýle uly öwülýäň...

Geç deňinden salamyňy almaýan,
Ýa-da gorkýan bendäň bile durmakdan,
Görünmekden seniň bilen bir ýerde;
Her kim öz päline gark olar, meger,
Hala yşyk gözlär, hala-da perde...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024