Göz we söz
“Ýigidi urma- sögme-de gürlet, kimdigini özi aýdar.” Türkmen pähimi
Göz ýüregiň aýnasymyş, daşyndan
Bakmak hemem görmek üçin içini.
Emma gözden görüp bolmaz bar zady,
Bilip bolmaz her ýüregiň göçüni.
Ýöne gözden görüp bolmadyk zady
Sözden aňlamaklyk bolupdyr kada.
Adam agzyn açsa, görüner uzyn,
Ýa-da kelte bolsa düşülen ýoda.
Eger sözden okap bilseň ýüregin,
Hemem çekip bilseň agramyn beýniň;
Käte özüň utanarsyň özüňden,
Sypyran ýalaky başganyň geýmin...
()