Göreş meýdanynyň talaby
Her gün göreşmeli, bir gün tutluşyp,
Iki gün çekilseň, sowaýar deriň.
Her gün garpyşmaly, bir gün uruşyp,
Üç gün bukup ýatsaň, göhi ger şeriň.
O diýer: “Hä, meniň döwüm rüstem!”
Hem sürüner öňe, gözsüz mysaly.
Bir ýyl darkaş gurup, bäş ýyl dynç alýan
Ýalan umyt berip, aldaýar ili.
Dogry, ýatan öküz kim bolsa bolsun,
Birleriniň iým bererne garaşyp;
Göreşýänler bergili däl hiç kime,
Hem däl olar atyp oýnalýan aşyk.
Ýöne göreş üçin çykanlar orta
Bek, mäkäm guşasa ýagşy bilini.
Ýa-da ýeňilenin boýun almaly,
Aldap ýörmän öz-özüni, ilini...
()