Syrtmaklyk ýüp işme
Syrtmaklyk ýüp işme ele tüýkürip,
Keýp bilen ýylgyryp.
Diýme “diňe başgalary asarlar,
men mydam synlaryn gyrada durup.”
Dar agajy üçin çukur gazyşma,
Ýa düýbün gömüşme ýykyljak daryň.
Diýme “diňe başgalary asarlar,
men hemişe gülüp alaryn arym.”
Gezekli çemçemiş durmuş diýleni,
Ýogsa indi çemçesi bar her kimiň.
Syrtmaklyk ýüp işme ele tüýkürip,
Ertir ol etmesin dawasyn demiň...
()