Prinsipli we prinsipsiz

Prinsipsiz ýa-da az prinsipli,
hem aşa sypaýy bolanda adam
hemişe ýylgyrar ýasama hemem
prinsiplilerden rüstem bor mydam.

Prinsipli ýa-da gönümel bende
aýtmazdan öň ölçäp durmaz her sözi.
Ol adama ýa-da ornuna bakmaz,
aýdar goýbär çynyn diýmän ýüz-gözi.

Prinsipsiz muňa açylar gül deý,
hem öz artyklygyn mazamlar ýene.
Prinsipliň daşy çolarar kem-kem,
prinsipsiz müňzäp saýlanar öňe.

Ol “jan” diýer ýek-ýigrense birini,
hem gujaklar, bogup öldürmek üçin.
Daşdan baksaň, dost diýersiň aýrylmaz,
ýakyn barsaň tanap, çekersiň içiň.

Prinsipli diýer nämüçin menden
ýagy gören ýaly gaçýarlar mydam.
Ol düşünmez ýalan sypaýylyga,
hem nämüçin çyna çydamaz adam.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024