Her halkyň içinde

Ejemiň ruhuna

Her halkyň içinde ejizi bolýar,
garrysy, çagasy, goragsyz naçar;
maýyp bolýar, elinden iş gelmeýän,
hem bolýar namysly, alaçsyz aç är...

Her halkyň içinde kömege mätäç,
goldaw berilmeli adamlar bolýar;
sebäp olar hakyn alyp bilmeýär,
hemem suwsuz gül deý sargaryp solýar.

Olar dürs bolýar hem başarmaýar
ýalan sözlemegi, gyzardyp ýüzün.
Ýöne dogrusynam aýdyp bilmeýär,
adalat bolmasa, bolmaz çyn sözüň.

Her halkyň içinde, kanun bolmasa,
ahlaksyz, azgynam bolýar ýeterlik.
Olar hezil edip ezýär ejizi,
hem öňünde durýar haýat deý gerlip.

Olar palaw edip iýýär talanan,
goragsyz daýhanyň eken şalysyn.
Olar gara şaýa alýar, düşeýär
daş işige garyp gyzyň halysyn.

Egnine geýeni ýüpekmi, ýüňmi,
owadan maşyny dikgerdýär başyn;
olar pyýadany görmeýär asla,
sebäp öňe bakýar garaman daşyn.

Sürmeli, barmaly wagtynda ýa ir,
aladasyn etjek bolsaň ornuňyň.
Olar muňa diýýär çeýelik hemem
has aňyrsyn görüp bilmek burnuňyň.

Ýöne bu çeýelik gymmat düşýär has
beýle çeýeligi inkär edene;
her halkyň içinde bolýar ejizi,
bu sözi Tejende aýtdy bir ene...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024