Ýazmak keseli

Men başym galdyrman ýazyp ýatyryn,
emma hiç bilemok okajak baryn.
Belki-de öz gabrym gazyp ýatyryn,
öz-özüme dikýän asyljak darym.

Belki, hiç zat ýazman otursam ümsüm,
gözüniň üstünde orun berjek kän.
Ýöne maňa näme beýle orundan,
nägä derkar girmek boş bolsa dükan?

Men başym galdyrman ýazyp ýatyryn,
käte özüm okaýaryn ýazanym.
Kä ýerlerde ýylgyrýaryn ajyja,
kä gum sürýän çuňňur bolsa gazanym.

Ýöne ýene durmak pikrin edemok,
galam elden gaçsa, duraryn bilýän.
Men başym ýapyryp ýazyp ýatyryn,
hamala diýlen deý “Ýazmasaň ölýäň!”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019